Bu websaýt Seiko Epson Corporation tarapyndan dolandyrylýar we ýöredilýär. Şu websaýty ulanmagyňyz aşakda beýan edilen düzgünlere tabyndyr. Dowam etmezden öň, ulanyş şertlerini ünsli okaň we olara düşüniň.
Bu websaýtda berilýän materiallaryň awtorlyk hukugy Seiko Epson Corporation ýa-da başga üçünji taraplara degişlidir. Seiko Epson Corporation ýa-da awtorlyk hukugynyň eýesiniň öňünden ýazmaça tassyklamasy bolmasa, şu ýerdäki materiallaryň hijisini dolulygyna ýa-da bölekleýin islendik görnüşde ýa-da usulda göçürmek, üýtgetmek, ýaýratmak, neşir etmek, göçürip almak, ýüklemek, ibermek ýa-da geçirmek bolmaýar.
Şu websaýtda ulanylýan haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we logotip nyşanlary Seiko Epson Corporation ýa-da üçünji taraplaryň bellige alnan ýa-da alynmadyk haryt nyşanlarydyr.
Seiko Epson Corporation öňünden ýazmaça rugsady bolmasa, “Seiko Epson Corporation” ady we Epson logotipi islendik usulda, şol sanda, emma bular bilen çäklenmän, şu websaýtda materiallaryň ýaýradylmagyna degişli mahabat üçin ulanylyp bilinmez.
Seiko Epson Corporation şu websaýtdaky mazmunyň, materiallaryň ýa-da maglumatyň, şol sanda, resminamalaryň ýa-da köp soralýan soraglaryň dogrulygy ýa-da dolulygy babatda hiç hili kepillik bermeýär.
Seiko Epson Corporation şu websaýtdaky islendik maglumat ýalňyşlary üçin hiç halatda jogapkärçilik kabul etmeýär. Seiko Epson Corporation şu websaýtdaky maglumaty ýa-da materialy ulanmagyňyzyň netijesinde döreýän islendik zyýanlar ýa-da ýitgiler üçin jogapkär däldir. Bu websaýtdaky ähli materiallar we maglumatlar öňünden habar berilmezden üýtgedilmäge degişlidir.
Şu websaýtdan baglanyşyk berilýän ýa-da şu websaýta baglanyşyk berýän Seiko Epson Corporation degişli däl üçünji tarap websaýtlaryň mazmuny degişli kompaniýalaryň jogapkärçiliginde dolandyrylýar we Seiko Seiko Epson Corporation garamagynda däldir.
Baglanyşyk berilen websaýtlary şol degişli websaýtlarda neşir edilen ulanyş düzgünlerine laýyklykda ulanyň. Kompaniýa baglanyşyk berilen websaýtlarynyň mazmuny ýa-da şolary ulanmakdan gelip çykýan islendik zyýanlar üçin hiç hili jogapkärçilik çekmeýär.
Şu websaýt ulanylanda, aşakdaky hereketler gadagan edilýär.
Brauzeriňiziň soňky wersiýasyny ulanmagy maslahat berýäris.
Bu websaýty dogry görmek üçin brauzer sazlamalaryňyzda JavaScript-i we stil sahypalaryny işlediň.
Bu websaýt oňa gireniňizde kompýuteriňizde “gutapjyk” (biziň websaýtymyzy siziň kompýuteriňizi tanadýan ýeke-täk kod) ýerleşdirer. Bu gutapjyk diňe indiki girişleriňizde sizi degişli ýerli dildäki saýta gönükdirmek üçin ulanylar we onda şahsy ýa-da aýratynlykda şahsyýeti anyklap bolýan maglumat ýok.
Şu ýerdäki düzgünler Ýaponiýanyň kanunlary bilen dolandyrylýar we şolaryň esasynda düşündirilýär.
Epson bilen siziň araňyzda düşünişmezlik bolan halatynda taraplar Tokio Etrap (Ýeňilleşdirilen önümçilik) Kazyýetiniň çäklendirilen ýurisdiksiýana tabyn bolýarlar.
Bu websaýt seljerişe ýardam bermek we bu websaýty gowulandyrmak üçin, Google Analytics-i ulanýar. Google Analytics standart Internet ýazgylary maglumatyny we myhmanlaryň özüňi alyp baryş maglumatyny anonim görnüşde ýygnamak üçin “gutapjyklary” ulanýar. Bir Gutapjyk bökdäp bilersiňiz ýa-da Gutapjygyň ýerleşdirilmegini ret etmek üçin, brauzeriňizi Gutapjyk kabul edilmezden öň duýduryş berer ýaly sazlap bilersiňiz. Şeýle etseňiz, Saýtyň bölegi(kleri) size elýetersiz bolup biler. Giriş ýazgylary Google LLC kompaniýasynyň gizlinlik syýasatyna tabyndyr, Saýty ulanmazdan öň siz şony okamaly.
Google Analytics™ Google LLC-niň söwda belgisidir.