Websaýtda şahsy maglumatyň işlenilmegi

(Gizlinlik beýannamasy)
27 mart, 2024
Seiko Epson Corporation

16 ýaşyna ýetmedik hemmeleriň dykgatyna:

Bu sahypany ene-ata ýa-da hossar, mysal üçin kakaňyz ýa-da ejeňiz bilen bilelikde görüň.

Bu sahypada Seiko Epson Corporation (mundan beýläk "kompaniýa" diýlip atlandyrylýar) tarapyndan dolandyrylýan we işledilýän şu aşakdaky websaýt (mundan beýläk "websaýt" diýlip atlandyrylýar) barada maglumat üpjün edilýär.

Ol websaýtda geziş taryhynyň nähili işlenilýändigini düşündirýär (Gizlinlik beýannamasy). Bu websaýt Ýaponiýada dolandyrylýar we işledilýär.

Üns beriň, biz bu websaýta gelegçilerden hiç hili şahsy maglumatlary (adamlaryň kimdigini anyklamakda ulanyp boljak maglumatlary) ýygnamaýarys.

1. Şu Gizlinlik beýannamasynyň gerimi

1-1. Gerim

Bu Gizlinlik beýannamasy (mundan beýläk "beýannama" diýlip atlandyrylýar) siziň websaýtdaky geziş taryhyňyza (şol sanda geziş häsiýetiňize, enjamyňyz barada maglumata we beýlekilere) degişlidir.

1-2. Ýörite agzalmaga mynasyp bolan zatlar üçin öňürtilik

Eger websaýtyň içindäki bir saýt şu beýannamadakydan tapawutlanýan syýasatlary ýa-da möhüm meseleleri aç-açan beýan edýän bolsa, şol aýratyn şertler we düzgünler öňürtilige eýe bolmalydyr.

2. Şu websaýta gireniňizde maglumat almak we ony ulanmagyň maksady

Bu websaýt aşakdaky maglumaty almak üçin Google LLC. tarapyndan üpjün edilýän Google Analytics-i ulanýar.

Maglumatlaryň Google LLC. tarapyndan ulanyşy barada maglumat üçin, sagdaky URL-ä salgylanyň (https://policies.google.com/privacy).

Google Analytics websaýty ulanyşyňyz barada maglumatlary ýazga geçirmek üçin birinji-tarap kukileri ulanýar.

Google Analytics-i ulanmakdan çykmak barada maglumat üçin, şu sahypa salgylanyň.
https://tools.google.com/dlpage/gaoptout/

Eger kukileriň ulanyş we alyş maglumatyňyzy yzarlamagynyň öňüni almak isleýän bolsaňyz, Bölüm 3, "Kukileri ret etmek" serediň.

3. Kukileri ret etmek

Köp brauzerler standart görnüşde kukileri awtomatik kabul edýär. Enjamyňyzdaky kukiler olary ýoklaýançaňyz ýa-da öz möhletleri gutarýança enjamyňyzda durar, ýöne brauzeriňizde sazlamalary üýtgetmek arkaly olary ýapyp bilersiňiz. Emma, üns beriň, eger kukileri ýapsaňyz, bu websaýtyň käbir funksiýalaryny ulanyp bilmezlik ýa-da käbir sahypalaryň dogry görkezilmezligi ýaly meselelere duçar bolmagyňyz mümkindir.

Kuki sazlamalaryňyzy üýtgetmek barada maglumat üçin, brauzeriňiziň gollanmasyna salgylanyň.

4. Şu websaýtdan berlen baglary işlemek

Bu beýannama şu websaýtdan baglanan başga websaýtlara degişli däldir. Şol websaýtlaryň şahsy maglumaty nähili işleýändigi baradaky maglumat üçin degişli websaýtyň özüne salgylanyň.

5. Şu beýannama barada soraglar

Bu beýannama barada soraglar ýa-da şikaýatlar üçin, biz şu aşakdaky e-poçta salgysyndan ýüz tutup bilersiňiz.

* Şu websaýt ýa-da önümler bilen baglanyşykly soraglara jogap berip bilmeýändigimiz sebäpli, aýratyn soraglar boýunça her bir önüm üçin berlen ýüz tutmak maglumatyna salgylanyň.

Eger soragyň düzüminde şahsy maglumatyňyz bar bolsa, ony başga maksat üçin däl-de, diňe soragyňyza jogap bermek üçin ulanarys.

6. Kanunlary we düzgünnamalary berjaý etmek hem-de Gizlinlik beýannamasyny gözden geçirmek

Biz şahsy maglumatlary Ýaponiýanyň Şahsy maglumatyň goralmagy barada kanunyna laýyklykda dolandyrýarys hem-de ulanýarys. Biz kanunlardaky we düzgünnamalardaky üýtgetmeleri berjaý etmek, şeýle hem, şahsy maglumatyň goralmagyny üpjün etmek ba-da başga sebäpler esasynda Gizlinlik beýannamasyna wagtal-wagtal düzediş girizip bileris; şol sebäpli, biz Gizlinlik beýannamasyny wagtly-wagtyna barlap durmagyňyzy maslahat berýäris. Girizilen islendik täzelemeler şu websaýtda neşir ediler.

Bu beýannama şu websaýtda neşir edilen senesinden başlap güýje girýär.

7. Düzediş girizmek taryhy