EPSON-YŇ AHYRKY ULANYJY ÜÇIN PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI BOÝUNÇA LISENZIÝA YLALAŞYGY
ULANYJA BILDIRIŞ: ŞU ÖNÜMI GURNAMAZDAN ÝA-DA ULANMAZDAN ÖŇ, ŞU YLALAŞYGY ÜNS BILEN OKAŇ. EGER AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNDA ÝERLEŞÝÄN BOLSAŇYZ, SIZE ŞU RESMINAMANYŇ 19-23-NJI BÖLÜMLERI DEGIŞLI BOLÝAR. 22-NJI BÖLÜMDE ARBITRAŽ BARADA HÖKMANY ŞERT BAR, OL ŞERT SIZIŇ KAZYÝETDE KAZYNYŇ ÝA-DA OTURDAŞLARYŇ ÖŇÜNDE GORAG ÇÄRESINI SORAMAGA BOLAN MÜMKINÇILIGIŇIZI ÇÄKLENDIRÝÄR WE BELLI BIR ÝAGDAÝLAR BILEN BAGLANYŞYKLY KOLLEKTIWLEÝIN ŞIKAÝATLARA ÝA-DA KOLLEKTIWLEÝIN ARBITRAŽLARA GATNAŞMAGA BOLAN HUKUGYŇYZDAN ÝÜZ ÖWÜRDÝÄR. 22.7-NJI BÖLÜMDE ARBITRAŽDAN WE KOLLEKTIWLEÝIN HAK ISLEGINDEN ÝÜZ ÖWÜRMEKLIGE GOŞULMAK ISLEMEÝÄN AHYRKY ULANYJYLAR ÜÇIN “ÇYKARYLMAK” OPSIÝASY ELÝETERLIDIR. BU ÖNÜMI AWSTRALIÝADA SATYN ALAN BOLSAŇYZ, BU RESMINAMANYŇ 24-36-NJY BÖLÜMLERINIŇ DÜZGÜNLERI SIZE DEGIŞLI BOLUP BILER. 25 WE 28-NJI BÖLÜMLER BU BÖLÜMLERIŇ HAÝSY ÝAGDAÝLARDA ULANYLYP BILINJEKDIGINI DÜŞÜNDIRÝÄR. 24-36-NJY BÖLÜMLERDE KANUN TARAPYNDAN AÝRYLYP BILINMEÝÄN HÖKMANY HUKUK KEPILLIKLERI BAR. BELLENEN ÝERLERDE BU ŞERTNAMANYŇ BEÝLEKI ŞERTLERI 24-36-NJY BÖLÜMLERDÄKI ŞERTLER BILEN DOLANDYRYLÝAR. Şu ylalaşyk siz (fiziki ýa-da ýuridik şahs, mundan beýläk “siz” diýilýär) bilen Seiko Epson Corporation kompaniýasynyň (şol sanda onuň affilirlenen şahslary, “Epson”) arasynda goşulgy programma üpjünçiligi programmalary, şol sanda islendik dahylly resminamalar, proşiwka ýa-da täzelemeler (mundan beýläk bilelikde “Programma üpjünçiligi”) üçin baglaşylan ýuridik ylalaşykdyr (“Ylalaşyk”). Programma üpjünçiligi diňe degişli Epson brendli kompýuter periferiýa önümini (“Epson apparaturasy”) üçin ulanmak maksady bilen, Epson we onuň üpjün edijileri tarapyndan üpjün edilýär. PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI GURNAMAZDAN, NUSGALAMAZDAN ÝA-DA BAŞGA BIR GÖRNÜŞDE ULANMAZDAN ÖŇ, SIZ ŞU YLALAŞYGYŇ ŞERTLERINI WE DÜZGÜNLERINI, ŞOL SANDA 17-nji bölümde görkezilýän EPSON GIZLINLIK SYÝASATYNY GÖZDEN GEÇIRMELI WE OLAR BILEN YLALAŞMALY. Eger ylalaşýan bolsaňyz, aşakdaky Ylalaş düwmesini (“KABUL ET”, “OK” ýa-da ylalaşmagyň islendik şoňa meňzeş aňlatmasyny) basyň. Eger şu Ylalaşygyň şertleri we düzgünleri bilen ylalaşmaýan bolsaňyz, Ylalaşma düwmesini (“ÇYK”, “Ýatyr” ýa-da ylalaşmazlygyň islendik şoňa meňzeş aňlatmasyny) basyň we Programma üpjünçiligini, şeýle hem, gaplamak we degişli materiallaryny Epson-a ýa-da satyn alan ýeriňize gaýtaryp, tölegiňizi doly yzyna alyň. |
1.Lisenziýanyň berilmegi.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), Epson size Programma üpjünçiligini öz şahsy we içerki biznes işiňiz üçin gaty disklerde ýa-da başga kompýuter ammary enjamlarynda ýa-da programma üpjünçiliginiň programmasy (“Programma üpjünçiligi” hem diýilýär) barada gürrüň gidýän bolsa, onda smartfonda, planşetde ýa-da başga mobil enjamda (bilelikde “Enjam”) Programma üpjünçiligini göçürip almaga, gurnamaga we ulanmaga çäkli, aýratyn däl lisenziýa berýär (ýöne Programma üpjünçiliginiň (i) diňe ýeke ýerleşişde (mes. öýde, ofisde ýa-da biznesiň amala aşyrylýan ýerinde), ýa-da mobil enjam barada gürrüň gidýän bolsa, onda öz eýeçiligiňizde durýan ýa-da başga bir görnüşde siz tarapyndan dolandyrylýan Enjamda, we (ii) diňe öz eýeçiligiňizde durýan Epson apparaturasy bilen baglanyşyklylykda ulanylmagy şerti bilen). Siz öz toruňyza birigen Epson apparaturasynyň başga ulanyjylaryna Programma üpjünçiligini ulanmaga rugsat berip bilersiňiz (ýöne siziň şol ulanyjylaryň Programma üpjünçiligini şu Ylalaşyga laýyklykda ulanmagyny üpjün etmegiňiz şerti bilen). Siz şol ulanyjylaryň ulanmagynyň netijesinde çekilen maddy jogapkärçilikler üçin jogapkärçilik çekmäge we Epson-a öwez tölegini tölemäge ylalaşýarsyňyz. Ätiýaç nusganyň diňe siziň Epson apparaturasyny ulanmagyňyzy goldamak maksady bilen ulanylmagy şerti bilen, siz, gerek boldugyça, Programma üpjünçiliginiň ätiýaç nusgalaryny döredip bilersiňiz.
2.Beýgeltmeler we täzelemeler.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), Eger Epson-dan Programma üpjünçiligine ýa-da Programma üpjünçiligi üçin beýgeltme, täzelenen wersiýa, üýtgedilen wersiýa ýa-da goşundylar alsaňyz, şol beýgeltme, täzelenen wersiýa, üýtgedilen wersiýa ýa-da goşundylar Programma üpjünçiligi diýlip kesgitlenilen adalga degişli bolýar we şu Ylalaşyk tarapyndan düzgünleşdirilýär. Siz Epson-yň size Programma üpjünçiligi üçin hiç bir Täzelemeleri (şu 2 Bölüminde aşakda kesgitlenilişi ýaly) üpjün etmäge borjunyň ýokdugyny ykrar edýärsiňiz. Emma, Epson-yň wagtal-wagtal Programma üpjünçiliginiň täzelenen wersiýalaryny çykarmagy mümkindir, Programma üpjünçiliginiň bolsa, internet arkaly Epson-a ýa-da üçünji-tarap serwerlere awtomatik birigip, ýalňyş düzedişleri, ýamalar, beýgeltmeler, goşmaça ýa-da güýçlendirilen funksiýalar, plaginler we täze wersiýalar (bilelikde “Täzelemeler”) ýaly, Programma üpjünçiligi üçin elýeterli täzelemeleri barlamagy, şeýle hem, ýa (a) öz şahsy enjamyňyzda ulanyp ýören Programma üpjünçiligi wersiýaňyzy elektron görnüşde awtomatik täzelemegi, ýa-da (b) degişli Täzelemeleri el bilen göçürip alar ýaly, özüňize opsiýa bermegi mümkindir. EPSON Software Updater-i aýratyn gurnan bolsaňyz ýöne Epson-yň Programma üpjünçiligi üçin elýeterli täzelemeleri barlamagyny islemeýän bolsaňyz, bu aýratynlygy ýapmak üçin, EPSON Software Updater-i gurnawdan aýryp bilersiňiz. Programma üpjünçiligini gurnamak we eger bar bolsa, Täzelemeleriň awtomatik barlanylmagyny ýapmazlyk arkaly, siz şunuň bilen Epson-dan ýa-da üçünji-tarap serwerlerden Täzelemeleriň awtomatik soralmagyna we alynmagyna, şeýle hem, şu Ylalaşygyň şertleriniň we düzgünleriniň şol Täzelemeleriň ählisine degişli bolýandygyna ylalaşyp, razylyk berýärsiňiz.
3.Başga hukuklar we çäklendirmeler.
Siz Programma üpjünçiligini üýtgetmezlige, adaptirlemezlige ýa-da terjime etmezlige ylalaşýarsyňyz, şeýle hem, Programma üpjünçiligini tersine proýektirlemezlige, dekompilirlemezlige, deassemblirlemezlige ýa-da başga bir görnüşde onuň çeşme kodunyň üstüni açmaga synanyşmazlyga ylalaşýarsyňyz. Programma üpjünçiligini üçünji taraplara kärendesine bermek, kireýne bermek, ýaýratmak, karzyna bermek ýa-da Programma üpjünçiligini girdeji getirýän bir önüme ýa-da hyzmata başga bir görnüşde birleşdirmek size gadagan edilýär. Emma, siz Programma üpjünçiligini ulanmaga bolan hukuklaryňyzyň ählisini başga fiziki ýa-da ýuridik şahsa geçirip bilersiňiz (ýöne alyjynyň hem şu Ylalaşygyň şertleri bilen ylalaşmagy we siziň Programma üpjünçiligini, şol sanda onuň ähli nusgalaryny, täzelemelerini we ozalky wersiýalaryny, şeýle hem, Epson apparaturasyny şol fiziki ýa-da ýuridik şahsa geçirmegiňiz şerti bilen). Programma üpjünçiligi ýeke birlik hökmünde lisenzirlenilýär we onuň komponent programmalaryny käbir başga ulanyşlar üçin aýralamak bolmaýar. Mundan başga-da, Programma üpjünçiligini internat ýaly köpçülige açyk tor arkaly girip bolýan ýa-da ýokarky 1-nji bölümde görkezilýän ýeke-täk ýerleşişiň daşynda başga adamlar tarapyndan başgaça görnüşde girip bolýan paýlaşylýan gurşawda ýa-da gurşawyň içinde goýmazlyga ylalaşýarsyňyz.
4.Eýeçilik.
Programma üpjünçiliginde we oňa bar bolan hukuk tituly, eýeçilik hukuklary we intellektual eýeçilik hukuklary Epson-da ýa-da onuň lisenziarlarynda we üpjün edijilerinde galýar. Programma üpjünçiligi ABŞ-nyň Awtorlyk hukugy baradaky kanuny, Ýaponiýanyň awtorlyk hukugy baradaky kanunlary we halkara awtorlyk hukugy ylalaşyklary, şeýle hem, beýleki intellektual eýeçilik kanunlary we ylalaşyklary tarapyndan goralýar. Programma üpjünçiliginiň we şu Lisenziýanyň hukuk titulyny ýa-da eýeçiligini islendik bir görnüşde geçirmegiňize Programma üpjünçiligine bolan islendik hukuklaryň satylmagy hökmünde garalmaýar. Siz Programma üpjünçiliginiň islendik nusgasyndaky islendik awtorlyk hukugyny, söwda belgisini, bellige alnan markasyny we beýleki eýeçilik bildirişlerini aýyrmazlyga ýa-da üýtgetmezlige ylalaşýarsyňyz. Epson we/ýa-da onuň lisenziarlary we üpjün edijileri berilmedik ähli hukuklary özlerinde saklap galýarlar. Programma üpjünçiliginde suratlar, illýustrasiýalar, dizaýnlar we fotosuratlar (“Materiallar”) hem bar bolmagy mümkindir, we şeýle materiallaryň awtorlyk hukugynyň Epson-a we/ýa-da onuň lisenziarlaryna we üpjün edijilerine degişli bolmagy, şeýle hem, olaryň milli we/ýa-da halkara intellektual eýeçilik kanunlary, konwensiýalary we ylalaşyklary tarapyndan goralýan bolmagy mümkindir. Düşnükli aýdylanda, (1) Materiallary diňe täjirçilik-däl maksatlar üçin ulanmaly, (2) Materiallary diňe Programma üpjünçiligi tarapyndan bellenilen görnüşde redaktirlemeli, sazlamaly we göçürmeli, we (3) Materiallary diňe kanunalaýyk şahsy ulanyş üçin, öýde ulanyş üçin ýa-da kanun taýdan rugsat berilýän başgaça görnüşde ulanmagyňyza rugsat berilýär.
5.Açyş çeşmeli we beýleki üçünji-tarap komponentler.
Ýokarda lisenziýa berilýändigine seretmezden, siz Programma üpjünçiliginiň käbir komponentleriniň üçünji-tarap lisenziýalara, şol sanda “açyk çeşmeli” diýilýän programma üpjünçiligi lisenziýalaryna, ýagny Open Source Initiative tarapyndan açyk çeşmeli lisenziýalar hökmünde ylalaşylan islendik programma üpjünçiligi lisenziýalaryna ýa-da islendik şolara meňzeş lisenziýalara, şol sanda, ýöne olar bilen çäklenmezden, şol lisenziýa arkaly lisenzirlenen programma üpjünçiliginiň ýaýradylmagynyň şerti hökmünde, distribýutoryň programma üpjünçiligini çeşme kody formatynda elýeterli etmegini talap edýän islendik lisenziýa (şeýle üçünji-tarap komponentler, “Üçünji-tarap komponentler”) degişli bolmagynyň mümkindigini ykrar edýärsiňiz. Programma üpjünçiliginiň belli bir wersiýalary https://support.epson.net/terms/, üçin Üçünji-tarap komponentleriň sanawy we degişli lisenziýa şertleri (talap edilişi ýaly) şu Ylalaşygyň ahyrynda, degişli ulanyjy gollanmasynda/CD-de ýa-da Enjamyňyzda/Programma üpjünçiliginde görkezilýän lisenziýa maglumatynda görkezilýär. Üçünji-tarap komponentleri öz içine alýan lisenziýalar tarapyndan talap edilýän çäge çenli, şol lisenziýalaryň şertleri şu Ylalaşygyň şertleriniň deregine geçýär. Üçünji-tarap komponentlere degişli lisenziýalaryň şertleriniň şu Ylalaşygyň şol Üçünji-tarap komponentler bilen baglanyşykly çäklendirmeleriniň islendigini gadagan edýän çägine çenli, şol çäklendirmeler şol Üçünji-tarap komponentlere degişli bolmaz.
6.Programma üpjünçiliginiň birnäçe wersiýasy.
Siz Programma üpjünçiliginiň birden köp wersiýasyny alyp ýa-da edinip bilersiňiz (mes. dürli operasion gurşawlar üçin; iki ýa-da birnäçe dil terjimesi wersiýasy; Epson serwerinden göçürilip alnan ýa-da CD-ROM diskde), emma, alýan görnüşiňize ýa-da sanyňyza seretmezden, diňe ýokardaky 1-nji bölümde berilýän lisenziýa degişli göterijide ýa-da wersiýada ulanyp bilersiňiz.
7.Kepillik bermekden we gorag serişdelerini bermekden ýüz öwürmek.
25-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), eger Epson-dan ýa-da dilerden Programma üpjünçiligini göterijide alan bolsaňyz, Epson kompaniýasy Programma üpjünçiliginiň ýazga geçirilen göterijisinde onuň size eltilen gününden başlap, 90 günüň dowamynda kadaly ulanylan ýagdaýynda taýýarlanyş we materiallar taýdan kemçilik bolmajakdygyny kepillendirýär. Eger size eltilen senesinden başlap 90 günüň dowamynda, göteriji Epson-a ýa-da göterijiniň alnan dilerine gaýtarylyp berilse we eger Epson göterijiniň kemçiliklidigini kesgitlese (göterijiniň ýaramaz ulanmaklyga, betniýetli ulanmaklyga, ýalňyş ulanmaklyga ýa-da kemçilikli enjamda ulanmaklyga sezewar edilmezligi şerti bilen), Programma üpjünçiligini, şol sanda onuň islendik bölekleriniň ähli nusgalaryny Epson-a gaýtaryp bereniňizden soňra, Epson göterijini çalşyryp berer. Siz Programma üpjünçiligini ulanmagyň diňe öz töwekgelçiligiňiz astynda durýandygyny ykrar edip ylalaşýarsyňyz. PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGI "BOLŞY ÝALY" WE HIÇ BIR GÖRNÜŞDE HIÇ HILI KEPILLIK BERILMEZDEN ÜPJÜN EDILÝÄR. EPSON WE ONUŇ ÜPJÜN EDIJILERI SIZIŇ PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ULANMAK ARKALY ALMAGYŇYZ MÜMKIN BOLAN ÖNDÜRIJILIGI ÝA-DA NETIJELERI KEPILLENDIRMEÝÄR WE KEPILLENDIRIP BILMEÝÄR. Epson kompaniýasy Programma üpjünçiliginiň işleýşiniň bökdençsiz, näsazlyksyz, wirussyz ýa-da başga zyýanly komponentsiz ýa-da goragsyzlyksyz bolmagyny ýa-da Programma üpjünçiliginiň funksiýalarynyň siziň zerurlyklaryňyzy ýa-da talaplaryňyzy kanagatlandyrjakdygyny kepillendirmeýär. Kepilligiň bozulmagy sebäpli Epson-yň ýeke-täk we aýratyn maddy jogapkärçiligi hem-de siziň aýratyn gorag serişdäňiz, Epson-yň opsiýasyna görä, ýa-da Programma üpjünçiliginiň göterijisini çalşyrmak, ýa-da Programma üpjünçiligini we Epson apparaturasyny yzyna gaýtaranyňyzdan soňra, puluňyzy gaýtaryp bermek bilen çäklenýär. Programma üpjünçiliginiň islendik çalşyrylmagy asyl kepillik döwrüniň galan bölegi ýa-da otuz (30) gün (haýsysy uzak bolsa, şol) üçin kepillendiriler. Eger ýokardaky gorag serişdesi islendik sebäp bilen başa barmasa, kepilligiň bozulmagy sebäpli Epson-yň tutuş maddy jogapkärçiligi Epson apparaturasy üçin tölenilen bahanyň gaýtarylyp berilmegi bilen çäklener. Epson özüniň makul kontrollygyndan daşgyn sebäpler zerarly öndürijilik gijikmeleri öndürijilik bolmazlygy üçin maddy jogapkärçilik çekmeýär. Eger Programma üpjünçiliginiň işlemezligi heläkçilik, betniýetli ulanyş ýa-da ýalňyş ulanyş sebäpli ýüze çyksa, onda şu Çäkli kepillik ýöremeýär. GÖRKEZILEN ÇÄKLI KEPILLIKLER WE GORAG SERIŞDESI AÝRATYN BOLUP, OLAR ÄHLI BEÝLEKILERIŇ DEREGINE GEÇÝÄR. EPSON AÇ-AÇAN ÝA-DA ÝAŇZYDYLÝAN ÄHLI BEÝLEKI KEPILLIKLERI, ŞOL SANDA, ÇÄKLENDIRME BOLMAZDAN, HUKUK BOZULMAZLYGY, HARYTLYK ÝAGDAÝY WE BELLI BIR MAKSADA ÝARAMLYLYK BOÝUNÇA ÄHLI KEPILLIKLERI BERMEKDEN ÝÜZ ÖWÜRÝÄR. EMMA, KÄBIR ŞTATLAR ÝA-DA ÝURISDIKSIÝALAR ÝAŇZYDYLÝAN KEPILLIKLERIŇ KADADAN ÇYKMALARYNA ÝA-DA ÇÄKLENDIRMELERINE RUGSAT BERMEÝÄR WE ŞEÝLE ŞTATLARDA ÝOKARDA GÖRKEZILEN ÇÄKLENDIRME SIZE DEGIŞLI BOLMAN BILER.
8.Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi.
25-nji we / ýa-da 28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), DEGIŞLI KANUNÇYLYGYŇ RUGSAT BERÝÄN MAKSIMUM ÇÄGINE ÇENLI, GÖNÜMEL, GYTAKLAÝYN, ÝÖRITE ÝA-DA NETIJELEÝIN ZEPERLER BOLSUN, ŞERTNAMADAN GELIP ÇYKSYN ÝA-DA ÇYKMASYN, TAPAWUDY ÝOK, RAÝAT HUKUK BOZULMASY (ŞOL SANDA SOWUK-SALALYK), PUGTA JOGAPKÄRÇILIK, KEPILLIGIŇ BOZULMAGY, ÝALŇYŞDYRMAKLYK BOÝUNÇA ISLENDIK ZEPERLER ÝA-DA BAŞGAÇA GÖRNÜŞDE, ŞOL SANDA, ÝÖNE ÇÄKLENDIRME BOLMAZDAN, PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ULANMAKDAN ÝA-DA ULANYP BILMEZLIKDEN ÝA-DA ŞU YLALAŞYKDAN ÝÜZE ÇYKÝAN (HATDA EPSON-A ÝA-DA ONUŇ WEKILINE ŞEÝLE ZEPERLERIŇ ÝÜZE ÇYKMAK ÄHTIMALLYGY BARADA AÝDYLAN-DA BOLSA) BIZNES DÜŞEWÜNTLERINIŇ ÝITGISI, BIZNESIŇ ARASYNYŇ ÜZÜLMEGI, BIZNES MAGLUMATYNYŇ ÝITMEGI, ÝA-DA BAŞGA PUL ÝITGISI BOÝUNÇA ZEPERLER ÜÇIN EPSON ÝA-DA ONUŇ ÜPJÜN EDIJILERI HIÇ HILI ÝAGDAÝDA JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEÝÄR. KÄBIR ŞTATLAR KÄBIR TRANZAKSIÝALARDAKY ZEPERLERIŇ KADADAN ÇYKMASYNA ÝA-DA ÇÄKLENDIRMESINE RUGSAT BERMEÝÄR WE ŞEÝLE ŞTATLARDA ÝOKARDA GÖRKEZILEN ÇÄKLENDIRMELER WE KADADAN ÇYKMALAR DEGIŞLI BOLMAN BILER.
9.ABŞ-nyň hökümetiniň Programma üpjünçiligini almagy.
Şu bölüm Programma üpjünçiliginiň ABŞ-nyň hökümeti (“Hökümet”) tarapyndan ýa-da ABŞ-nyň hökümeti üçin ýa-da islendik baş potratçy ýa-da kömekçi potratçy (islendik derejede) tarapyndan islendik şertnama, grant, kooperatiw ylalaşyk, “başga tranzaksiýa” (“BT”) ýa-da Hökümet bilen başga işjeňlik esasynda ähli alynmaklaryna degişlidir. Programma üpjünçiliginiň üpjün edilmegini kabul etmek arkaly, Hökümet, islendik baş potratçy we islendik kömekçi potratçy, degişli ýagdaýlarda, FAR Bölüm 12, FAR Bölümçe 27.405, abzas (b) ýa-da DFARS Bölümçe 227.7202 manysynyň çäginde, Programma üpjünçiliginiň “täjirçilik” kompýuter programma üpjünçiligi bolup durýandygy, şeýle hem, başga hiç bir reglamentiň, ýa-da FAR ýa-da DFARS maglumat hukuklary maddasynyň şu Programma üpjünçiliginiň Hökümete üpjün edilmegine degişli däldigi bilen ylalaşýarlar. Şoňa laýyklykda, şu Ylalaşygyň şertleri we düzgünleri Hökümetiň (we baş potratçynyň hem-de kömekçi potratçynyň) Programma üpjünçiligini ulanmagyny we aýan etmegini düzgünleşdirýär, şeýle hem, Programma üpjünçiliginiň Hökümete üpjün edilmegine degişli şertnamanyň, grantyň, kooperatiw ylalaşygyň, başga tranzaksiýanyň ýa-da işjeňligiň islendik gapma-garşy düzgünlerinden we şertlerinden üstün çykýar. Eger şu Programma üpjünçiligi Hökümetiň zerurlyklaryny kanagatlandyrmasa, şu Ylalaşyk Federal kanunçylyk bilen islendik babatda gapma-garşy bolsa ýa-da ýokarda görkezilen FAR we DFARS şertleri düzgünleşdirmeýän bolsa, Hökümet Programma üpjünçiligini ulanylmadyk görnüşde Epson-a gaýtaryp bermäge ylalaşýar.
10.Eksport çäklendirmesi.
Siz Programma üpjünçiligini ABŞ-nyň Eksporta gözegçilik baradaky kanuny ýa-da islendik başga eksport kanunlary, çäklendirmeleri ýa-da reglamentleri tarapyndan gadagan edilýän islendik ýurda ýa-da islendik görnüşde ugratmazlyga, geçirmezlige ýa-da eksport etmezlige ylalaşýarsyňyz.
11.Tutuş ylalaşyk.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), şu Ylalaşyk Programma üpjünçiligine dahylly taraplaryň arasyndaky tutuş ylalaşyk bolup, ol Programma üpjünçiligine degişli islendik satyn alyş sargydyndan, aragatnaşykdan, reklamadan ýa-da güwä geçmeden üstün çykýar.
12.Hökmany ylalaşyk; Hukuk mirasdüşerleri.
Şu Ylalaşygyň hökmany güýji bar bolup, ol öz taraplarynyň we olaryň degişli hukuk mirasdüşerleriniň, wekilleriniň we kanuny wekilleriniň bähbidine hereket edýär.
13.Aýratyn önümçilige bölünmek mümkinçiligi; Üýtgetmeler.
Eger şu ýerdäki islendik şertiň ýöremeýändigi ýa-da ygtyýarly ýurisdiksiýanyň kazyýeti tarapyndan ulanyp bolmaýandygy ýüze çyksa (22.8 we 22.9 Bölümine tabynlykda, eger ABŞ-da ýerleşýän bolsaňyz), ol Ylalaşygyň balansynyň güýjüne täsir etmez, ol öz güýjünde galar we öz şertlerine ulanyp bolar. 28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), şu Ylalaşyk diňe ýazmaça görnüşde, Epson-yň ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilip üýtgedilip bilner.
14.Boşatmak we gorap saklamak.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), siz Epson-y we onuň direktorlaryny, wezipeli adamlaryny, paýdarlaryny, işgärlerini we agentlerini (i) şu ylalaşykdaky borçlaryňyzyň islendik biriniň islendik bozulmagyndan, ýa-da (ii) Programma üpjünçiliginiň ýa-da Epson apparaturasynyň islendik ulanylmagyndan ýüze çykýan islendik we ähli ýitgilerden, maddy jogapkärçiliklerden, zeperlerden, çykdajylardan, harajatlardan (şol sanda makul möçberdäki adwokatlyk töleglerinden), şikaýatlardan, kazyýet önümçiliklerinden we hak isleglerinden jogapkärçilikden boşatmaga we gorap saklamaga, şeýle hem, Epson-yň haýyş etmegi esasynda, goramaga ylalaşýarsyňyz. Eger Epson sizden islendik şeýle şikaýatdan, kazyýet önümçiliginden ýa-da hak isleginden goramagyňyzy sorasa, Epson-yň öz saýlan ýuristler topary arkaly şol goraga öz hasabyna gatnaşmaga hukugy bardyr. Öňünden Epson-dan ýazmaça ylalaşma almazdan, siziň Epson-yň öweztöleg almaga hukugy bar bolan hiç bir üçünji-tarap hak islegini çözmäge hakyňyz ýokdur.
15.Ýatyrmak.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), Epson-yň bar bolan beýleki hukuklaryna täsir etmezlik şerti bilen, şu Ylalaşygy berjaý etmeseňiz, ýokarky 1 Bölümindäki lisenziýa hukuklaryňyz we ýokarky 7-nji bölümdäki kepillik hukuklaryňyz awtomatik ýatyrylar. Şol hukuklar ýatyrylansoň, siz Programma üpjünçiliginiň we onuň ähli nusgalarynyň şolbada ýoklanyljakdygyna ylalaşýarsyňyz.
16.Şertnama baglaşmaga bolan hukuk kämilligi we ygtyýar.
28-nji bölüme tabyn (Awstraliýadaky Epson-dan harytlar we hyzmatlar satyn alsaňyz size degişlidir), siz rezidenti bolan ýurduňyzda ýa-da ýurisdiksiýaňyzda ýuridik taýdan kämillik ýaşyna ýetendigiňize, şeýle hem, şu Ylalaşygy baglaşmaga zerur bolan ähli ygtyýaryňyzyň bardygyna, şol sanda, eger degişli bolsa, şu Ylalaşygy baglaşmaga öz iş berijiňizden talabalaýyk ygtyýarlandyrma alandygyňyza güwä geçýärsiňiz.
17.Gizlinlik, Maglumat işlemek.
Programma üpjünçiliginiň Enjamyňyza we Enjamyňyzdan maglumat geçirmek üçin internetiň üsti bilen birikmäge mümkinçiligi bar bolup biler. Meselem, eger Programma üpjünçiligini gurnasaňyz, Programma üpjünçiligi Enjamyňyzyň Epson apparaturaňyz barada model we seriýa belgisi, ýurt identifikatory, dil kody, operasion ulgam maglumaty ýaly maglumatlary, şeýle hem, Epson apparaturasyny ulanyş maglumatyny Epson-yň internet saýtyna ibermegine sebäp bolup biler, ol saýt bolsa, Enjamyňyza höweslendirme ýa-da hyzmat maglumatyny görkezmäge getirip biler. Programma üpjünçiliginiň üsti bilen üpjün edilýän maglumatyň islendik işlenilmegi degişli maglumat goragy kanunlaryna we Epson-yň Gizlinlik syýasatyna laýyklykda bolmalydyr (https://global.epson.com/privacy/area_select_confirm_eula.html). Degişli kanunlaryň rugsat berýän maksimum çägine çenli, şu Ylalaşygyň şertleri bilen ylalaşmak we Programma üpjünçiligini gurnamak arkaly, siz öz maglumatyňyzyň öz ýaşaýan ýurduňyzda we/ýa-da onuň daşynda işlenilmegine we saklanylmagyna razylyk berýärsiňiz. Eger Programma üpjünçiligine goşulgy we/ýa-da Programma üpjünçiligini ulanýan wagtyňyz görkezilýän ýörite bir gizlinlik syýasaty bar bolsa (meselem, belli bir programma üpjünçiligi programmasy bolan ýagdaýynda), şol ýörite gizlinlik syýasaty ýokarda görkezilen Epson Gizlinlik syýasatyndan üstün çykýar.
18.Üçünji-tarap websaýtlar.
Siz Programma üpjünçiligindäki gipertekst ýa-da başga kompýuter baglary arkaly, Epson-yň kontrollygynda däl ýa-da onuň tarapyndan işledilmän, eýsem üçünji taraplar tarapyndan işledilýän websaýtlara giriş alyp we käbir hyzmatlary ulanyp bilersiňiz. Siz Epson-yň şol üçünji-tarap saýtlar ýa-da hyzmatlar, şol sanda olaryň takyklygy, dolulygy, öz wagtyndalygy, hakykylygy, awtorlyk hukugyny berjaý etmekligi, kanuna laýyklygy, päkligi, hili ýa-da islendik başga aspekti üçin jogapkärçilik çekmeýändigini ykrar edip ylalaşýarsyňyz. Şol üçünji-tarap websaýtlar/hyzmatlar dürli şertlere we düzgünlere tabyn bolup, üçünji-tarap websaýtlara/hyzmatlara giren we olary ulanan wagtyňyz, siz şol websaýtlaryň/hyzmatlaryň şertlerini we düzgünlerini berjaý etmäge kanuny taýdan borçly bolýarsyňyz. Üçünji-tarap websaýtlaryň/hyzmatlaryň şertleri we düzgünleri siziň şol websaýtlara/hyzmatlara girmegiňizi we olary ulanmagyňyzy düzgünleşdirýär. Epson-yň Programma üpjünçiliginden bir üçünji-tarap websaýta/hyzmata bag bermegi mümkin bolsa-da, şeýle bag şol websaýt/hyzmatlar, onuň içindäkiler, onuň eýeleri ýa-da üpjün edijileri babatynda ygtyýarlandyrma, güýje girizme, sponsorlyk ýa-da affilirlenme däldir. Epson şeýle baglary salgylanmagyňyz we size oňaýly bolmagy üçin üpjün edýär. Şoňa laýyklykda, Epson şol websaýtlar/hyzmatlar üçin hiç hili güwälik bermeýär we şol üçünji-tarap saýtlar ýa-da hyzmatlar bilen dahylly hiç hili goldaw bermeýär. Epson şol websaýtlarda/hyzmatlarda bar bolan hiç bir maglumaty, önümleri ýa-da programma üpjünçiligini synagdan geçirmedi we şol sebäpli, ol şolar bilen dahylly hiç hili güwälik berip bilmeýär. Siz Epson-iň şol websaýtlaryň/hyzmatlaryň materialy ýa-da işleýşi üçin jogapkärçilik çekmeýändigi, şeýle hem, saýlaýan zatlaryňyzda wiruslar, gurçuklar, troýa atlary we weýran ediji häsiýetli başga zatlaryň bolmazlygyny üpjün etmek üçin çäreleri görmegiň öz işiňizdigi bilen ylalaşýarsyňyz. Şu Programma üpjünçiliginden baglanýan islendik başga websaýtlaryňyzda/hyzmatlaryňyzda bar bolan materiallary haýsy çäge çenli ulanyp biljekdigiňizi kesgitlemek diňe öz jogapkärçiligiňizde durýar.
(EGER AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARYNDA ÝERLEŞÝÄN BOLSAŇYZ, AŞAKDAKY 19-23-NJI BÖLÜMLER SIZE DEGIŞLI BOLÝAR)
19.Syýa satyn alyşlar.
Demirgazyk Amerikada satylýan käbir Epson printer önümleri üçin, Programma üpjünçiligi Epson-dan syýa satyn almak barada opsiýa görkezip biler. Eger Satyn al düwmesini bassaňyz, Programma üpjünçiligi Enjamyňyza Epson apparaturasynyň kartrij görnüşlerini we syýa derejelerini görkezmegine, şeýle hem, kartrijleriňiz barada başga maglumatlary (mes. reňkler, elýeterli kartrij ölçegleri we çalşyrgyç syýa kartrijleriniň bahalary) görkezdirer, siziň olary Epson-dan onlaýn satyn almagyňyz mümkin.
20.Göçürimlik täzelemeler.
Eger Programma üpjünçiliginiň täzelemeleri ýa-da beýgeltmeleri elýeterli edilse, Epson internet saýtyndan täzelemeleri ýa-da beýgeltmeleri göçürip alyp bilmegiňiz hem mümkindir. Eger Programma üpjünçiligini gurnamaga ylalaşsaňyz, internete ýa-da internetden islendik geçirişler, şeýle hem, maglumatlaryň ýygnalmagy we ulanylmagy Epson-yň şol wagtky Gizlinlik syýasatyna laýyklykda bolar, we siz Programma üpjünçiligini gurnamak arkaly, siz şeýle şol wagtky Gizlinlik syýasatynyň şol işjeňlikleri düzgünleşdirjekdigi bilen ylalaşýarsyňyz.
21.Epson hasaplary we höweslendirme habarlary.
Üstesine, eger Programma üpjünçiligini gurnasaňyz we Epson apparaturaňyzy Epson-da bellige alsaňyz, we/ýa-da Epson Store-da hasap döretseňiz, şeýle hem, şeýle ulanmaklyga razylyk berseňiz, siz Epson-yň Programma üpjünçiliginiň gurnalmagy, Epson apparaturaňyzyň bellige alynmagy we/ýa-da Epson Store hasabyňyzyň döredilmegi bilen baglanyşyklylykda ýygnalan, şahsy maglumatlardan we şahsy taýdan anyklatmaýan maglumatlardan ybarat bolan maglumaty birleşdirip biljekdigi, şeýle hem, şol birleşdirilen maglumaty siz Epson höweslendirme ýa-da hyzmat maglumatyny ibermekde ulanyp biljekdigi bilen ylalaşýarsyňyz. Eger Epson apparaturaňyz barada maglumat ibermek ýa-da höweslendirme ýa-da hyzmat maglumatyny almak islemeseňiz, ol aýratynlyklary Windows ulgamynda draýwerdäki Gözegçilik Saýlamalary bölegi arkaly ýapyp bilersiňiz. Mac operasion ulgamynda bolsa, ol aýratynlyklary Epson-yň "Epson Customer Research Participation we Low Ink Reminder" programma üpjünçiligini gurnawdan aýyrmak arkaly ýapyp bilersiňiz.
22.JEDELLER, HÖKMANY AÝRATYN ARBITRAŽ WE KOLLEKTIWLEÝIN ŞIKAÝATLARA HEM-DE KOLLEKTIWLEÝIN ARBITRAŽLARA BOLAN HUKUKDAN ÝÜZ ÖWÜRMEK
22.1Jedeller.
Şu 22 Bölüminiň şertleri siz bilen Epson-yň arasyndaky ähli Jedeller üçin ýöreýär. “Jedel” adalgasy kanunçylykda rugsat berilýän iň giň manysynda ulanylýar we siz bilen Epson-yň arasynda şu Ylalaşyk, Programma üpjünçiligi, Epson apparaturasy sebäpli ýa-da siz bilen Epson-yň gatnaşmagyndaky başga tranzaksiýany, şertnama, kepillik, ýalňyşdyrmaklyk, galplyk, raýat hukugynyň bozulmagy, raýat hukugynyň bilgeşleýin bozulmagy, hukuk namasy, reglament, buýruk sebäpli ýa-da islendik başga kanuny ýa-da adalatly esasda bolsun ýa-da bolmasyn tapawudy ýok, şolar bilen baglanyşykly ýüze çykýan islendik jedeli, hak islegini, gapma-garşylygy ýa-da şikaýaty öz içine alýar. “JEDEL” INTELLEKTUAL EÝEÇILIK BARADAKY HAK ISLEGLERINI ýa-da has takyk aýdylanda, (a) söwda belgisiniň bozulmagy ýa-da ýoýulmagy, (b) patentiň bozulmagy, (c) awtorlyk hukugynyň bozulmagy ýa-da betniýetli ulanylmagy, ýa-da (d) täjirçilik syrynyň bikanun alynmagy (“Intellektual eýeçilik baradaky hak islegi”) boýunça hak islegini ýa-da şikaýat sebäbini ÖZ IÇINE ALMAÝAR. Siz we Epson, 22.6 Bölümine seretmezden, bir hak islegi ýa-da şikaýat sebäbi Intellektual eýeçilik baradaky hak islegimi-dälmi diýen meseläniň arbitr däl-del, eýsem kazyýet tarapyndan çözülmelidigi bilen hem ylalaşýarsyňyz.
22.2Hökmany arbitraž.
Siz we Epson ähli Jedelleriň şu Ylalaşyga laýyklykda hökmany arbitraž tarapyndan çözülmelidigi bilen ylalaşýarsyňyz. ARBITRAŽ DIÝMEK SIZIŇ KAZYÝET ÇÖZLÜŞIGINDE KAZA ÝA-DA OTURDAŞA BOLAN HUKUGYŇYZDAN ÝÜZ ÖWÜRÝÄNDIGIŇIZI WE ÝÜZ TUTMAK ÜÇIN ESASLARYŇYZYŇ ÇÄKLI BOLÝANDYGYNY AŇLADÝAR. Şu Ylalaşyga laýyklykda, hökmany arbitraž milli derejede ykrar edilýän arbitraž guramasy bolan JAMS (Judicial Arbitration and Mediation Services, Inc.) tarapyndan müşderiler bilen dahylly jedeller üçin şol wagt hereket edýän öz proseduralar kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar, ýöne ol arbitražda birleşmeklige ýa-da kollektiw şikaýatlara rugsat berýän kadalary hasap etmeýär (prosedura barada goşmaça jikme-jiklik üçin, aşakdaky 22.6 Bölümine serediň). Siz we Epson (a) şu bölümiň düşündirilmeginiň we güýje girizilmeginiň Federal Arbitraž kanuny (9 U.S.C. §1, we dowamy) tarapyndan düzgünleşdirilýändigine 22, (b) şu Ylalaşygyň ştatara söwdadaky tranzaksiýany mizemez edýändigine, we (c) şu 22 Bölüminiň şu Ylalaşyk ýatyrylansoň hem öz güýjünde galjakdygyna düşünip ylalaşýarsyňyz.
22.3Deslapky arbitraž ädimleri we habarnama.
Arbitraža hak islegini tabşyrmazdan öň, siz Epson islendik Jedeli altmyş (60) günüň dowamynda resmi däl ýol bilen çözjek bolmaga ylalaşýarsyňyz. Eger Epson we siz altmyş (60) günüň dowamynda Jedeli çözmek barada ylalaşyga gelmese, siz ýa-da Epson arbitraž başladyp bilersiňiz. Epson-a iberiljek habarnamany şu salga ibermeli: Epson America, Inc., ATTN: Legal Department, 3131 Katella Ave. Los Alamitos, CA 90720 (“Epson salgysy”). Size iberiljek Jedel habarnamasy Epson-yň siz barada öz ýazgylarynda bar bolan iň täze salgyňyza iberiler. Şol sebäpli, öz salgyňyz üýtgän halatynda, EAILegal@ea.epson.com salgysyna e-poçta ibermek ýa-da ýokarda ýazylgy Epson salgysyna ýazmak arkaly, bize ony habar bermegiňiz möhümdir. Jedel habarnamasynda iberijiniň ady, salgysy we kontakt maglumaty, şeýle hem, Jedele sebäp bolan faktlar we soralýan gorag çäresi bolmalydyr (“Jedel habarnamasy”). Jedel habarnamasy alnansoň, Epson we siz arbitražy başlatmazdan öň Jedeli çözmek üçin akýürekli hereket etmäge ylalaşýarsyňyz.
22.4Ownuk hak islegleri kazyýeti.
Ýokarky agzalanlara seretmezden, eger şikaýat şol kazyýetiň ýurisdiksiýasynda bolsa ýa-da diňe şol kazyýetde garaşýan bolsa, öz ştatyňyzyň ýa-da häkimligiňiziň ownuk hak islegleri kazyýetine aýratyn şikaýat bilen ýüz tutup bilersiňiz.
22.5KOLLEKTIWLEÝIN ŞIKAÝATLARA HEM-DE KOLLEKTIWLEÝIN ARBITRAŽLARA BOLAN HUKUKDAN ÝÜZ ÖWÜRMEK.
SIZ WE EPSON HER TARAPYŇ BEÝLEKI TARAPA GARŞY JEDELLERI HAK ISLEÝJI ÝA-DA ISLENDIK KOLLEKTIWLEÝIN ÝA-DA WEKILÇILIKLI ÇÖZLÜŞIGIŇ, ŞOL SANDA, ÝÖNE ÇÄKLENDIRME BOLMAZDAN, FEDERAL ÝA-DA ŞTAT KOLLEKTIWLEÝIN ŞIKAÝATLARYNYŇ ÝA-DA KOLLEKTIWLEÝIN ARBITRAŽLARYŇ AGZASY HÖKMÜNDE DÄL-DE, DIŇE AÝRATYN ŞAHS HÖKMÜNDE GOZGAP BILJEKDIGINE YLALAŞÝARLAR. KOLLEKTIWLEÝIN ŞIKAÝAT BOÝUNÇA KAZYÝET ÇÖZLÜŞIKLERINE, KOLLEKTIWLEÝIN ARBITRAŽLARA, HUSUSY BAŞ PROKUROR HEREKETLERINE WE KIMDIR BIRINIŇ WEKIL HÖKMÜNDE HEREKET EDÝÄN ISLENDIK BEÝLEKI IŞ ÝÖREDIŞ HEREKETLERINE RUGSAT BERILMEÝÄR. ŞOŇA LAÝYKLYKDA, ŞU BÖLÜMDE BEÝAN EDILÝÄN ARBITRAŽ PROSEDURALARY ESASYNDA, ARBITRAŽ ÇÖZLÜŞIGINIŇ ÄHLI TÄSIR ÝETÝÄN TARAPLARYNYŇ ÝAZMAÇA RAZYLYGY BOLMAZDAN, ARBITRIŇ BIRDEN KÖP TARAPYŇ HAK ISLEGLERINI BIRLEŞDIRMEGINE ÝA-DA BIR ÝERE JEMLEMEGINE RUGSAT BERILMEÝÄR.
22.6Arbitraž prosedurasy.
Eger siz ýa-da Epson arbitražy başlatsaňyz, onda kollektiwleýin ýa-da wekilçilikli esasda arbitraža rugsat berýän hiç bir kada hasap edilmezden, arbitraž oňa ýüz tutan wagtyňyz hereket edýän JAMS kadalary (“JAMS kadalary”) (http://www.jamsadr.com saýtynda ýa-da 1-800-352-5267 belgä jaň etmek arkaly elýeterlidir) we şu Ylalaşykda görkezilýän kadalar esasynda tarapyndan düzgünleşdirilýär. Ähli Jedeller ýeke bitarap arbitr tarapyndan çözülýär we iki tarapyň hem arbitri saýlamak prosesine gatnaşmaga makul derejede mümkinçiligi bolýar. Arbitr şu Ylalaşygyň şertlerine baglydyr. Hiç bir federal, ştat ýa-da ýerli kazyýetde ýa-da agentlikde däl-de, eýsem arbitrde şu Ylalaşygyň düşündirilmeginden, ulanmak mümkinçiliginden, hökmany ýerine ýetirilmek mümkinçiliginden ýa-da formirlenmeginden ýa-da şolar bilen baglanyşykly ýüze çykýan ähli jedelleri, şol sanda şu Ylalaşygyň ähli ýa-da islendik böleginiň hakyky däldigi baradaky islendik hak islegini çözmäge aýratyn ygtyýary bolýar. Arbitre şu giňlikde berilýän ygtyýara seretmezden, kazyýet bir hak islegi ýa-da şikaýat sebäbi Intellektual eýeçilik baradaky hak islegimi-dälmi diýen çäkli soragy kesgitläp biler, ol sorag ýokarky 22.1 Bölümindäki “Jedelleriň” kesgitlemesine degişli däldir. Arbitriň kanuna laýyklykda ýa-da adalatlylyk esasynda kazyýetde elýeterli bolan islendik gorag çäresini bermäge haky bardyr. Arbitr size zeperler barada kazyýetiňki bilen şol bir hökümi çykaryp biler, şeýle hem, diňe gorag çäresini soraýan aýratyn tarapyň peýdasyna we şol tarapyň aýratyn hak islegi tarapyndan kepillendirilýän gorag çäresini bermek üçin zerur bolan çäge çenli deklaratiw ýa-da kazyýetiň gorag çäresini berip biler. Käbir ýagdaýlarda, arbitražyň çykdajysy çözlüşigiň çykdajysyndan köp çykyp biler we üstüni açmaga bolan hukuk kazyýetdäkä garanyňda, arbitražda has çäkli bolup biler. Arbitriň çözgüdi hökmany bolup durýar we ony ygtyýarly ýurisdiksiýasy bar bolan islendik kazyýetde kazyýet çözgüdi hökmünde girizmek mümkindir.
Siz arbitraž seredişliklerine telefon arkaly goşulmagy saýlap bilersiňiz. Telefon arkaly amala aşyrylmaýan arbitraž seredişlikleri siziň esasy ýaşaýan ýeriňizden makul görnüşde baryp bolýan ýerde ýa-da Kaliforniýa ştatynyň Orinj okrugynda, haýsyny saýlasaňyz şonda, geçirilýär.
a) Arbitraž çözlüşiginiň başlamagy. | |||||
Siz ýa-da Epson bir Jedeli arbitraža eltmegi karar etseňiz, iki tarap hem şu aşakdaky prosedura bilen ylalaşýar: |
|||||
(i) Arbitraž üçin arza ýazyň. Arzada Jedeliň suratlandyrmasy we öwezi tölenilmegi talap edilýän zeperleriň möçberi görkezilmelidir. Arbitraž üçin arzanyň nusgasyny http://www.jamsadr.com saýtynda (“Arbitraž üçin arza”) görüp bilersiňiz. (ii) Arbitraž üçin arzanyň üç nusgasyny, şeýle hem, arzany bermegiň ýygymyny şu salga iberiň: JAMS, 500 North State College Blvd., Suite 600 Orange, CA 92868, U.S.A. (iii) Arbitraž üçin arzanyň bir nusgasyny beýleki tarapa iberiň (Jedel habarnamasynyňky bilen şol bir salgy) ýa-da eger taraplar başgaça görnüşde ylalaşan bolsa, şol görnüşde iberiň. |
|||||
b) Seredişligiň formaty. | |||||
Arbitražyň dowamynda, eger bar bolsa, arbitr siziň ýa-da Epson-yň haky bar bolan möçberi kesgitleýänçä, islendik çözlüşme teklibiniň möçberini arbitre aýan edilmeýär. Arbitražyň dowamynda Jedele dahylly artykmaçlykly-däl maglumatyň üstüniň açylmagyna ýa-da alşylmagyna rugsat berilip bilner. | |||||
c) Arbitraž ýygymlary. | |||||
Şu Ylalaşygyň şertlerine laýyklykda (siz ýa-da Epson tarapyndan) başladylan islendik arbitraž üçin ähli JAMS arza berişleri we arbitr töleglerini Epson töleýär ýa-da (degişli bolsa) size öwezini töleýär. | |||||
d) Siziň peýdaňyza çözgüt. | |||||
Siz ýa-da Epson tarapyndan zeperler üçin 75 000 ýa-da has az möçberde ABŞ dollary soralýan Jedellerde, adwokatyň haklaryny we harajatlaryny hasap etmezden, eger arbitriň gelen netijesi size, eger bar bolsa, Epson-yň soňky ýazmaça teklibinden uly möçberde çözgüt berýän bolsa, Jedeli çözmek üçin, Epson: (i) size 1 000 ABŞ dollaryny ýa-da çözgüdiň möçberini, haýsysy köp bolsa şony, tölär; (ii) eger bar bolsa, size makul möçberdäki adwokat haklaryňyzyň iki esse möçberini tölär; we (iii) derňemek, taýýarlyk we Jedeli arbitražda yzarlamak üçin adwokatyňyzy makul möçberde hasaplan islendik çykdajylarynyň (şol sanda ekspert şaýat ýygymlarynyň we çykdajylarynyň) öwezini size tölär. Siz we Epson tarapyndan ýazmaça ylalaşylan ýagdaýlar degişli bolmazdan, arbitr şu 22.6d) Bölümine laýyklykda Epson tarapyndan tölenilmeli ýygymlaryň, çykdajylaryň we harajatlaryň möçberini kesgitleýär. | |||||
e) Adwokatyň haklary. | |||||
Epson şu Ylalaşyk boýunça bir Jedel bilen dahylly başladylan hiç bir arbitraž üçin öz adwokatynyň haklaryny we harajatlaryny talap etmeýär. Siziň ýokarky 22.6(d) Bölümi esasynda adwokatyň haklaryna we harajatlaryna bolan hukugyňyz siziň degişli kanunçylyk esasynda adwokatyň haklaryna we harajatlaryna bolan hukuklaryňyzy çäklendirmeýär; ýokarda görkezilenlere seretmezden, arbitriň adwokatyň haklaryny we harajatlaryny almak barada dublikat çözgütleri çykarmagyna rugsat berilmeýär. |
22.7Çykarylmak.
Siz şu Ylalaşyk (şol sanda, olar bilen çäklenmezden, Programma üpjünçiliginiň satyn alynmagy, göçürilip alynmagy, gurnalmagy ýa-da Epson apparaturasynyň, önümleriniň we hyzmatlarynyň başga degişli ulanylmagy) bilen ylalaşanyňyzdan soň otuz (30) günüň dowamynda Epson-yň salgysyna ýazmaça hat (onda (i) adyňyz, (ii) poçta salgyňyz, we (iii) şu 22 Bölüminde görkezilýän gutarnykly, hökmany aýratyn arbitraž prosedurasyndan we kollektiwleýin hem-de wekilçilikli şikaýat etmek hukugyndan ýüz öwürmekden çykarylmak barada haýyşyňyz görkezilmelidir) ibermek arkaly, şu Ylalaşykda görkezilýän gutarnykly, hökmany aýratyn arbitraž prosedurasyndan we kollektiwleýin hem-de wekilçilikli şikaýat etmek hukugyndan ýüz öwürmekden çykarylmagy (özüňizi çykarmagy) saýlap bilersiňiz. Siz ýokarda görkezilen prosedura laýyklykda çykarylsaňyz, ähli beýleki şertler, şol sanda ýuridik çözlüşikden öň habarnama ibermek baradaky talap öz güýjünde galmaga dowam edýär.
22.822 Bölüminde üýtgetmeler.
Şu Ylalaşykdaky islendik gapma-garşy şerte seretmezden, siz we Epson eger Epson şu Ylalaşykdaky jedel çözmek prosedurasynda we kollektiw şikaýatdan ýüz öwürmek baradaky şertlerde islendik üýtgetmeler etse (Epson-yň salgysynyň üýtgemegi muňa degişli däl), Epson-yň degişli üýtgetme barada sizden tassyklaýjy ylalaşma aljakdygyna ylalaşýarsyňyz. Eger degişli üýtgetmä tassyklaýjy ylalaşma bermeseňiz, siz taraplaryň arasyndaky islendik Jedeli şu 22 sözlerine laýyklykda arbitraža eltmäge (ýa-da şu Ylalaşyk bilen ilkibaşda ylalaşanyňyzdan soňra, çykarylmagy öz wagtynda saýlan bolsaňyz, jedelleri 22.7 Bölüminde göz öňünde tutulyşy ýaly çözmäge) ylalaşýarsyňyz.
22.9Aýratyn önümçilige bölünmek mümkinçiligi.
Şu 22 Bölüminiň başga islendik şertini hökmany ýerine ýetirip bolmaýandygy ýüze çyksa, onda şol şert aýratyn önümçilige bölünip aýrylýar we şu Ylalaşygyň galan şertleri öz ýuridik güýjüni gorap saklaýar we doly möçberde hereket edýär. Ýokarda görkezilenler 22.5 Bölüminde görkezilýän kollektiwleýin ýa-da wekilçilikli şikaýatlardan gadagan etmeklige degişli däldir. Ýagny, 22.5 Bölümiň hökmany ýerine ýetirip bolmaýandygy ýüze çyksa, tutuş 22 Bölümi (ýöne diňe 22 Bölümi) öz güýjüni doly ýitirýär.
23.Nýu-Jersi ştatynyň rezidentleri üçin.
ŞU YLALAŞYKDA GÖRKEZILÝÄN ISLENDIK ŞERTLERE SERETMEZDEN, EGER NÝU-JERSI ŞTATYNYŇ KANUNÇYLYGYNA LAÝYKLYKDA 7-NJI ÝA-DA 8-NJI BÖLÜMLERDE GÖRKEZILÝÄN ŞERTLERIŇ ISLENDIK BIRINI HÖKMANY ÝERINE ÝETIRMEK ÝA-DA MÜMKIN DÄL BOLSA ÝA-DA ONUŇ GÜÝJI ÝOK BOLSA, ONDA ISLENDIK ŞEÝLE ŞERT SIZE DEGIŞLI BOLMAÝAR, ÝÖNE YLALAŞYGYŇ GALAN BÖLEGI SIZ WE EPSON ÜÇIN HÖKMANY BOLMAGYNDA GALÝAR. ŞU YLALAŞYKDAKY ISLENDIK ŞERTE SERETMEZDEN, ŞU YLALAŞYKDAKY HIÇ BIR ZAT SARP EDIJILERE YNANMAK BARADAKY ŞERTNAMA, KEPILLIK WE HABAR BERMEK KANUNY ESASYNDA SIZE ELÝETERLI BOLAN HIÇ BIR HUKUGY ÇÄKLENDIRMÄGE NIÝETLENILMEÝÄR, ŞOL HÖKMÜNDE GARALMAÝAR ÝA-DA ŞONY EMELE GETIRMEÝÄR.
AWSTRALIÝADA HARYT ÝA-DA HYZMATLAR SATYN ALSAŇYZ, BU RESMINAMADA AŞAKDA 24-36. BÖLÜMLERI SIZE ULANYLYP BILNER (BU BÖLÜMLERI HAÇAN ULANMALYDYGY BARADA HAS GIŇIŞLEÝIN MAGLUMAT ÜÇIN 25 WE 28 BÖLÜMLERE SEREDIŇ)
24.Kesgitlemeler.
Aşakda görkezilişi ýaly şu Ylalaşygyň 24-36. Maksatlary üçin Awstraliýada sarp edijileri goramak baradaky kanun 2010-njy ýyldaky bäsdeşlik we sarp edijileri goramak baradaky kanunyň 2-nji goşundysyna degişlidir.
25.Sarp ediji hökmünde önüm satyn almak.
Programma üpjünçiligini Awstraliýada sarp ediji hökmünde satyn alýan bolsaňyz, şahsyýeti ýa-da kärhanany ýa-da islendik ululykdaky beýleki guramalary öz içine alýan Awstraliýada sarp edijini goramak kanuny boýunça bu şertnama aşakdaky 26 we 27 bölümler bilen dolandyrylar.
26.Awstraliýada sarp edijileri goramak kanuny.
Şu Ylalaşykdaky hiç bir zat, şeýle hukugyň ýa-da serişdäniň kanuny taýdan aýrylyp, çäklendirilip ýa-da üýtgedilip bilinmejek derejede ulanylmaz, sebäbi Awstraliýada sarp edijini goramak kanunyna laýyklykda bolup biljek islendik hukugyňyzy ýa-da serişdäňizi aradan aýyrar, çäklendirer ýa-da üýtgedip bilmez.
Şu Ylalaşygyň tersine haýsydyr bir zada garamazdan, Epsondan sarp ediji hökmünde harytlary we hyzmatlary satyn alsaňyz, Awstraliýada sarp edijini goramak kanunyna laýyklykda şu Ylalaşygyň beýleki düzgünleri hasaba alynmaýar.
Hukuk kepillikleri aşakdakylary öz içine alýar (ýöne olar bilen çäklenmeýär):
Harytlar ýeterlik derejede kabul ederlikli bolmaly. Munuň manysy: | ||
-howpsuz bolmaly; -kemçiliklerden azat bolmaly; -Daş görnüşi we üstü kabul ederlikli derejede bolmaly; -Adatça her kimden garaşylýan zatlaryň hemmesini etmeli; -islendik mahabat modeli ýa-da mysaly bilen gabat gelmeli; -Epson size bu maksat üçin laýyk diýip yglan eden bolsa, bu maksat üçin laýyk bolmaly; -Epson tarapyndan görkezilen harytlaryň beýanyna laýyk gelmeli; We -Epson satyn alanyňyzda öndürijiligi, ýagdaýy we hili barada size hödürlenýän islendik kepilliklere laýyk gelmelidir. |
||
Epson tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar, | ||
-degişli ideg we ussatlyk ýa-da tehniki bilimler bilen görkezilmelidir; -maksada laýyk bolmak ýa-da ylalaşylan netijelere ýetmek; We -Eger ylalaşylan gowşuryş senesi ýok bolsa, belli bir möhletde eltilmelidir. |
27.Kepillikden we gorag serişdelerinden ýüz öwürmek.
7-nji bölüm size degişli bolmaz. Munuň ýerine indiki bölüm ulanylar:
EPSON ÖNÜMLERI AWSTRALIÝADA SARP EDIJINI GORAMAK KANUNLARYNA LAÝYKLYKDA AÝRYLYP BILINMEÝÄN KEPILLIKLER BILEN GELÝÄR. ESASY NÄSAZLYK ÝÜZE ÇYKAN HALATYNDA ÖNÜMİ ÇALYŞMAGA ÝA-DA YZYNA GAÝTARYP BERMÄGE WE ÖŇÜNDEN GÖRÜP BOLJAK ÝİTGİLERİŇ ÝA-DA ZEPERLERİŇ ÖWEZİNİ DOLMAGA HAKYŇYZ BAR. ŞEÝLE HEM ÖNÜMLER KABUL EDERLİKLİ DÄL BOLSA WE KEMÇİLİK DÜÝPLİ KEMÇİLİK BOLMASA, ÖNÜMLERİŇ ABATLANYLMAGYNY ÝA-DA ÇALŞYLMAGYNY TALAP ETMÄGE HAKYŇYZ BAR.
ŞU MADDADAKY HİÇ BİR ZAT AWSTRALIÝADA SARP EDIJINI GORAMAK KANUNYNA LAÝYKLYKDA AÝRYLMAJAK KEPİLLİKLERİ, KEPİLLİKLERİ ÝA-DA SERİŞDELERİ AÝYRMAÝAR, ÇÄKLENDİRMEÝÄR ÝA-DA ÜÝTGETMEÝÄR: (1) PROGRAMMA ÜPJÜNÇİLİGİ "BOLŞY ÝALY" WE HİÇ HİLİ KEPİLLİKSİZ BERİLÝÄR; (2) EPSON ÝA-DA ÜPJÜN EDİJİLER TARAPYNDAN PROGRAMMA ÜPJÜNÇİLİGİNİ ULANYP ALYP BOLJAK ÖNDÜRİJİLİGİŇİZE ÝA-DA NETİJELERİŇİZE HİÇ HİLİ KEPİLLİK BERİLMEÝÄR; (3) Epson programma üpjünçiliginiň işiniň bozuljakdygyny, kemçiliklerden, wiruslardan ýa-da beýleki zyýanly elementlerden ýa-da gowşak goralan ýerlerden, ýa-da programma üpjünçiliginiň işlemegi siziň islegleriňize ýa-da talaplaryňyza laýyk geljekdigini kepillendirmeýär; (4) Epson, göwnejaý gözegçilikden daşgary wakalar sebäpli gijikdirilmegi ýa-da öndürijiliginiň ýitmegi üçin jogapkärçilik çekip bilmez; We (5) EPSON, BEÝLEKİ KEPİLLİKLERDEN BOÝUN GAÇYRÝAR, AÇ-AÇAN ÝA-DA GÖZ ÖŇÜNDE TUTULÝAR, BELLİ BİR MAKSAT BİLEN DÜZGÜN BOZMAZLYK, SÖWDA MÜMKİNÇİLİGİ WE FİTNES KEPİLLİKLERİ BİLEN ÇÄKLENMEÝÄR.
28.Sarp ediji ýa-da kiçi telekeçilik şertnamasy boýunça önüm satyn almak.
Eger:
(a) siz şahsyýet we Programma üpjünçiligini doly ýa-da bölekleýin şahsy, öý ýa-da öý hojalygy üçin satyn aldyňyz; ýa-da
(b) bu şertnama kiçi telekeçilik şertnamasyny emele getirýär (bu termin Awstraliýanyň Sarp edijiler kanunynda wagtal-wagtal kesgitlenýär);
29.Jogapkärçiligiň çäklendirilmegi.
8-nji bölüm size degişli bolmaz. Munuň ýerine indiki bölüm ulanylar:
25-nji bölüme laýyklykda, HIÇ BIR TARAP ÝA-DA ÜPJÜN EDIJILER TELEKEÇILIK GIRDEJILERINIŇ ÝITMEGI, IŞIŇ KESILMEGI, IŞ MAGLUMATLARYNYŇ ÝITMEGI ÝA-DA PROGRAMMA ÜPJÜNÇILIGINI ULANMAK ÝA-DA ULANMAK MÜMKINÇILIGINDEN ÝA-DA ŞERTNAMADA ÝÜZE ÇYKAN BEÝLEKI MADDY ÝITGILER ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEZLER, GYNAMAK (GELEŇSIZLIK), MUTLAK JOGAPKÄRÇILIK, KEPILLIGI BOZMAK, NÄDOGRY MAGLUMAT BERMEK ÝA-DA BAŞGA BIR GÖRNÜŞDE, GYTAKLAÝYN, ÝÖRITE, TÖTÄNLEÝIN ÝA-DA TÖTÄNLEÝIN ZYÝAN, HATDA ŞEÝLE TARAPA ÝA-DA WEKILINE ŞEÝLE ZYÝANYŇ MÜMKINÇILIGI BARADA MASLAHAT BERLEN HEM BOLSA.
30.Ygtyýarnama
1-nji bölümde görkezilen (Ygtyýarnamany bermek) öwezini dolmak borjy size degişli däldir. Programma üpjünçiligini ulanmaga rugsat berýän beýleki ulanyjylaryň ähli hereketleri we ýalňyşlyklary üçin özüňiziň jogapkärçiligiňizi we jogapkärçiligiňizi kabul edýärsiňiz we yglan edýärsiňiz, edil bir hereket ýa-da ýalňyşlyk ýaly.
31.Döwrebaplaşdyryş we täzelenme.
Programma üpjünçiligi Epson tarapyndan 2-nji bölüm (Döwrebaplaşdyryş we täzelenmeler) boýunça awtomatiki täzelenýän bolsa, Programma üpjünçiliginiň möhüm aýratynlygy üýtgedilse, pensiýa çyksa ýa-da Programma üpjünçiliginden aýrylsa (näsazlyklary düzetmek, ýamalaşdyrmak, kämilleşdirmek, goşmak ýa-da gowulaşdyrmak, goşmaçalar we täze wersiýalar netijesinde), we munuň size ujypsyzja zyýandan has köp täsir edendigini subut edip bilseňiz, Epson üçin hiç hili jogapkärçilik çekmezden şu Ylalaşygy ýazmaça ýatyryp bilersiňiz.
32.Ylalaşygyň bitewiligi.
11-nji bölüm (tutuş şertnama) size degişli bolmaz.
33.Bölünmeklik; Üýtgetmeler.
Şu Ylalaşyga hiç hili üýtgetme, üýtgeşiklik ýa-da üýtgetme ýazmaça görnüşde berilmese we her Tarapyň degişli ygtyýarly wekili gol çekmese, hakyky bolmaz.
34.Kompensasiýa
14-nji bölüm (öwezini doluş tölegi) size degişli bolmaz.
35.inationatyryş.
15-nji bölüm (inationatyryş) size degişli bolmaz. Munuň ýerine aşakdaky bölüm ulanylar:
Taraplaryň beýleki hukuklaryna zyýan ýetirmezden, her bir tarap beýleki tarapyň borçlaryny ýerine ýetirmese, beýleki tarapa habar bermek arkaly şu Ylalaşygy ýatyryp biler. Inationatyrylansoň, Programma üpjünçiligini ulanmagy bes etmeli we ähli nusgalary derrew ýok etmeli.
36.Şertnama üçin jogapkärçilik we ygtyýarlyk.
Epson, 16-njy bölümde (Şertnama üçin jogapkärçilik we ygtyýarlyk) beýannamaňyza goşmaça, şu Ylalaşyga girmek üçin ähli zerur mümkinçilikleriň bardygyny mälim edýär.
2023