Nähili Gurnamak Isleýäňiz?

 
  • Router arkaly birikdirmek (Maslahat berilýär)

Şu birikme usuly, öýüňizde ýa-da iş ýeriňizde ygtyýar nokady (simsyz router) bar bolsa elýeterlidir. Epson Connect hyzmatyny internediň üsti bilen ulanyp bilýänligiňiz sebäpli, şu birikme usulyny maslahat berýäris.


 
  • Göni birikdir (Wi-Fi Direct)

Şu birikme usulyny ygtyýar nokady (simsyz router) ýok bolsa saýlaň. Printeri we akylly enjamy göni birikdiriň. Printere, dört sany akylly enjam birikdirip bilersiňiz, emma bu ýerli ulgamlygy sebäpli internet hyzmatlary elýeterli däldir.


 
  • Ozal öz ulgamyňyza baglanan printere birikdirmek

Eger printeriňiz eýýäm ulgama birikdirilen bolsa, akylly enjamy printeriň birikdirilen ulgamyna täzeden birikdiriň. Şondan soň printer akylly enjamda elýeterlidir.

 
  • Eger akylly enjamyňyz bellenen ygtyýar nokadyna (simsyz router) birikdirilen bolsa

Eger kompýuteri birikdirmek üçin başga ygtyýar nokady (simsyz router) bar bolsa, akylly enjamy şol ygtyýar nokadyna birikdiriň. Eger akylly enjama birikdirilýän ygtyýar nokadyndan başga ygtyýar nokady (simsyz router) ýok bolsa, printeri şol ygtyýar nokadyna birindiriň.
Printer ulgama birikdirilgi däl wagty, "Ygtyýar Nokadynyň üsti bilen baglanyň (Maslahat berilýär)" saýlaň. Printer eýýäm ulgama birikdirilen wagty, "Ulgama birikdirilen printere birikdir" saýlaň.


 
  • Eger akylly enjamy printere baglamak isleýän bolsaňyz ýöne printeriň birikdirilen ulgamyna birikdirmek islemeýän bolsaňyz

Akylly enjamy printere göni birikdiriň (Wi-Fi Direct). Şeýlelik bilen printer Wi-Fi birikdirmede we göni birikdirmede elýeterlidir (Wi-Fi Direct).


 
  • Jübi enjamynda birikdirmek (internet paýlaşmak) ulanýan bolsaňyz

Siz akylly enjamyňyzda internet paýlaşma ulanýan wagtyňyz, akylly enjamyňyzdan printere baglanyp bilmeýärsiňiz. Internet paýlaşmany işlemeýän ediň, we soňra printere birikdiriň.
Printer ulgama birikdirilgi däl wagty, "Ygtyýar Nokadynyň üsti bilen baglanyň (Maslahat berilýär)" saýlaň. Printer eýýäm ulgama birikdirilen wagty, "Ulgama birikdirilen printere birikdir" saýlaň.